Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly dabara bilen bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär.
Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir. Ata-babalarymyzdan mekdep bolup gelýän belent maksatlar üçin okuwçylar we talyp ýaşlar bilim almaga, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaga uly üns bermelidirler. Döretmegi, gurmagy we kämillige ymtylmagy durmuş ýörelgesine öwürmelidirler.
Biziň ýaşlarymyz özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler. Çünki ata Watanymyza, merdana halkymyza ak ýürekden hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin belent abraýdyr.
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şu asylly maksatdan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etraplardyr obalarymyzda iň häzirki zaman bilim edaralaryny gurýarys. Bu ulgamyň maddy binýadyny yzygiderli pugtalandyryp, ylmy taýdan esaslandyrylan okuw kitaplaryny hem-de gollanmalary neşir edýäris.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini, okuw-terbiýeçilik toplumyny, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepleri we çagalar baglaryny, şeýle hem welaýatlarymyzda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasyny dabaraly açyp ulanmaga berýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat hökmünde gowşurýarys. Munuň özi halkymyzyň milli ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygynyň hem-de bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Siziň döredijilikli zähmetiňiz biziň bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini, il-günümiziň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda siziň hyzmatyňyz örän uludyr.
Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.