Gadyrly ýaşlar!
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Eziz Diýarymyzda bu gün siz bilen bagly uly toýlar tutulýar. Menem öz gezegimde sizi eziz Watanymyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Ine, bu gün ýene-de siziň bilen duşuşmagy makul bildim. Umumy sapagymyzyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz barada söhbet ederis. Döwür hakda, beýik geljegimiz hakda, bizi gyzyklandyrýan meseleler barada pikir alşarys.
Men 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hem paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde umumy sapak geçip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda durup geçipdim.
Mähriban ýaşlar!
Biziň yzly-yzyna gelýän milli baýramlarymyz we senelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň toýudyr. Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny milli buýsanç, ýokary ruhubelentlik bilen uludan toýlaýar.
Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň binýadyna öwrülen Garaşsyzlygyň şanyna tutýan toýumyz biziň baş baýramymyzdyr. Nesip bolsa, ýene sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 32 ýyl dolýar. Bu senäni şanly wakalar, döredijilik hem-de zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýarys.
Altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününi Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alýarys. Şu dabaraly pursatlarda sizi eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllyk toýy bilen utgaşyp gelýän ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpelerimiz, okuwçy we talyp ýaşlarymyz ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär.
Bilimler baýramynyň bu ajaýyp dabaralary Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär. Goý, döwletli Diýarymyzda hemişe toý-baýramlarymyzyň owazy dünýä ýaň salsyn!
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Men çykyşymy taýýarlanymda, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty baradaky pikirlerimi, Watana bolan söýgimi örän gysga hem-de giň manyly sözler bilen beýan etmäge çalyşdym.
Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr.
Mundan 32 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrdyk.
Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy, halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirdik. Jemgyýetçilik durnuklylygyny, durmuş adalatlylygyny, berk hukuk düzgünini üpjün edýän güýçli we netijeli häkimiýet, dolandyryş ulgamyny kemala getirmek bilen, milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrdyk.
Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkdyr. Aziýa bilen Ýewropanyň medeniýetlerini birleşdiren topragymyz müňýyllyklaryň dowamynda parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr. Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden daşary syýasat strategiýasynda bitaraplyk we parahatçylyk ýoluny saýlap aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy hem-de ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa öwrüldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullanyldy. Biziň başlangyjymyz bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär.
Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün edýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýär. Ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Biz durnukly ulag, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürdük. Halkara gatnaşyklarda umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýany beýan etdik.
Asman-Zemin arasy –—
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!
«Dowam bolsun!» atly şygrymdaky bu setirler meniň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarymdyr.
Biziň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we medeni mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şöhraty dünýä dolan Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary açyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bularyň ählisi parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, dost-doganlygy öňe sürýän döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.
Eziz ýaşlar!
Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler döwlet döretmekde, ony dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalypdyr. Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr.
Türkmenler Zemindäki gadymy halklaryň biri bolmak bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda, Kiçi Aziýada, Hindistanyň ägirt uly giňişliklerinde, Hytaýdan tä Ýewropa çenli aralykda mesgen tutup, uly döwletleri, hanlyklary, beglikleri, atabeglikleri esaslandyryp, döwleti dolandyrmagyň gymmatly nusgasyny döredipdirler. Bu babatda Parfiýa imperiýasynda, Horezmşalar, Gaznalylar we Garahanlylar döwletlerinde, Beýik Seljuk imperiýasynda, Memluklar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar döwletlerinde, Hindistandaky soltanlyklarda örän baý tejribe toplanypdyr.
Oguz han atamyz biziň nesilbaşymyz we ilkinji türkmen döwletiniň düýbüni tutujydyr. Watany söýmek, halka wepaly bolmak, batyrlyk we edermenlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly ajaýyp milli häsiýetleriň kemala gelmegi Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg we Çagry beg, Ärtogrul Gazy, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Salyr Gazan, Görogly beg, Keýmir serdar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ady bilen baglanyşyklydyr.
Gadymy türkmen topragynyň Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Köneürgenç, Abiwerd ýaly ylym hem medeni merkezlerinde ylmyň, şygryýetiň görnükli wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarly, Al Faraby, Omar Haýýam, Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Abusagyt Abulhaýr, Ibn Sina ýaly ägirtler ýaşapdyrlar we döredipdirler.
Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasy ýokdur. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň –—
diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gahrymançylykly taryhymyzyň hemmetaraplaýyn, çuňňur, dogruçyl öwrenilmegi we dikeldilmegi şöhratly geçmişimize bolan beýik milli buýsanjy döretdi. Biziň baý taryhymyz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nepis halylarymyz, wepadar we ýyndam bedewlerimiz, edermen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir.
Mähriban ýaşlar!
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap şygarlar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllara dakylýan atlar agzybir halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.
Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Hemişe nygtaýşym ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik.
Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Eziz Watanymyzyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine ygrarly ruhubelent nesiller döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr.
Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly orny bar. Şoňa görä-de, ýaşlar syýasaty döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2025-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasy esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tassyklamagynda ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny kepillendirýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin. Söhbetdeşliklerden galan täsirler, ýaşlar üçin döredilen şertler barada öz eserlerimde gürrüň berýärin. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda-da ýaşlarymyzyň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berdim.
Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir.
Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler.
Günsaýyn özgerýän döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Asyrlar boýy ýaşulular milletimiz üçin asylly ýörelgeleriň we parasatlylygyň nusgasy bolup gelýär. Biz ýaşululara çuňňur hormat bilen garaýarys, olaryň durmuş tejribelerine, maslahatlaryna gulak asýarys. Täze döwürde hem bu demokratik adat döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda mynasyp orun aldy. Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen biziň gujur-gaýratymyzyň utgaşan ýerinde beýik maksatlarymyza ýetjekdigimize hem-de belent sepgitleri gazanjakdygymyza şek-şübhe ýokdur.
Maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökman öz ornuny tapýar. Kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň, ejem Ogulabat Berdimuhamedowanyň maňa we maşgalamyza beren terbiýesi, öwüt-ündewleri, durmuş sapaklary biziň nusgalyk ýörelgämize öwrüldi. Şoňa görä-de, «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabymda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşi, ýagny:
1) watançylyk terbiýesi;
2) döredijilik we zehin terbiýesi;
3) akyl we pikir terbiýesi;
4) ylym terbiýesi;
5) medeni aň-düşünje terbiýesi;
6) kär-hünär terbiýesi;
7) sungat terbiýesi;
8) syýasy terbiýe;
9) maliýe-ykdysady terbiýe;
10) jemgyýetçilik terbiýesi;
11) dil terbiýesi;
12) ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi barada anyk durup geçdim.
Terbiýäniň bu görnüşleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir. Şoňa görä-de, siz bilimleriňiziň, gözýetimiňiziň we garaýyşlaryňyzyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalysyňyz, özüňizde hemişe bilim almaga höwesi we erki terbiýelemelisiňiz. Munuň özi biziň jemgyýetimiziň ösüşini, Watanymyzyň, halkymyzyň ykbalyny, bagtyýar geljegimizi kesgitleýän möhüm şertlerdir.
Mähriban ýaşlar!
Pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklary biziň üçin mizemez mekdepdir. Gadymy daş ýazgylaryna pederlerimiziň jöwher zehininden dörän gymmatlyklar, milli ruha, milli pelsepä ýugrulan wesýetler, paýhasly öwüt-ündewler siňdirilipdir.
Ahlak gözelligi ynsan mertebesidir. Arassa ahlak ynsanyň kämilligi we ýagşy amallary bilen ýüze çykýar. Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda synagdan geçip, taplanyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli ahlak gymmatlyklarymyz her birimiz üçin mukaddeslikdir.
Ile-güne hormat-sarpa, danalyk, halallyk, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, lebzihalallyk ýaly kämil ahlak ýörelgeleri iň uly baýlykdyr.
Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde halkymyzyň iň ýagşy, iň gözel hem-de iň belent ahlagy jemlenendir. Ynsanyň edebi bezeg üçin dakynýan altynyndan hem owadandyr. Siz, parasatly pederlerimiz ýaly, özüňizi ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz bilen tanadyp, türkmen edebini has-da gözelleşdirmelisiňiz!
Gözel ahlak ynsan görküdir, ol türkmen ýaşlaryna nur paýlaýan güneş kimin zerurdyr.
Ahlak — gözelligiň, salyhatlylyk — maşgalanyň, üstünlik — ylmyň, bagtyýarlyk — durmuşyň bezegidir.
Eziz ýaşlar!
Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik işleri amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli we tutanýerli zähmetine daýanýarys. Bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz, senagatda, oba hojalygynda we durmuşyň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz hakynda uly alada edýäris.
2023-nji ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp mazmunyny düzýär.
2023-nji ýylyň şygary türkmen ýaşlaryny hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň beýik geljegine gönükdirilen maksatlarynyň ýoly bilen ýaşlary döredijilikli işlere, täze sepgitlerdir üstünliklere ruhlandyrýan şygardyr. Bu ajaýyp ýylyň syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalary biziň her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar.
Gadyrly ýaşlar!
Döwlet we syýasy gurluşyň milli hem-de dünýä tejribesiniň esaslary, umumadamzat gymmatlyklary siňdirilen Konstitusiýamyz ýurdumyzyň berk hukuk binýady, kanun çykaryjylyk işiniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolmak bilen, halk häkimiýetiniň, hukuk hem dünýewi döwletiň berk binýadyny şöhlelendirýär. Biz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň milli kanun çykaryjylyk ulgamynda tutýan ornuny hem-de ähmiýetini göz öňünde tutup, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrýarys, häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirýäris.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen taryhy maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalara laýyklykda, açyklyk, aýanlyk, asudalyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgeler we bäsdeşlik esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirdik. Bu wakalar ýurdumyzyň döwlet gurluşyny we kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi. Merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine esaslanyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň esasynda alnyp barylýan syýasatyň Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakdan, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekden ybaratdygyny görkezdi.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başyny başlan özgertmelerimiz barha rowaçlanýar. Täze taryhy döwürde uzak geljegi nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, berkarar Watanymyzda ösüşleriň ýeňişli we şöhratly ýollary geçilýär.
Ylmyň gazananlary we innowasiýalar esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam edýäris. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, kiçi, orta we iri senagat önümçiliklerini, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurýarys.
Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.
Men Arkadagly Serdarymyzyň Watan hakynda aýdan sözlerine ünsüňizi çekmek isleýärin. Şol dürdäne sözleriň biziň ählimiziň eziz Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymata öwrüljekdigine berk ynanýaryn: «Bu gün biziň gursagymyzda gurmaga we döretmäge güýç-kuwwat bagyş edýän Watana bolan beýik söýgi joş urýar. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys».
Elbetde, Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şu ýerde «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda halkym bilen paýlaşan pikirlerime ünsi çekeýin, siz muny belläp alyň we okuwda, işde, durmuşda özüňize ýörelge ediniň: «Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar».
Döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.
Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli — gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Ýaşlarymyz öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryna oňat düşünmelidirler.
Zähmetsöýerlik hazynadyr!
Zähmetsöýerlik bagtdyr!
Zähmetsöýerlik rahatlykdyr!
Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!
Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler.
Gadyrly ýaşlar!
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Bagtyýar ýaşlar bilen biziň halkymyz bagtlydyr!
Bagtyýar ýaşlar bilen Watanymyz bagtlydyr!
Bagtyýar ýaşlar bilen döwrümiz hem dünýämiz bagtlydyr!
Mähriban ýaşlar!
Millet hökmünde özüňi tanamak, milli kämillik we milli bitewülik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýatlaýyn esasydyr. Bu taglymat milletimiziň ruhy galkynyşydyr, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda sazlaşygy üpjün etmegiň hem-de dost-doganlygyň rowaçlanmasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymaty türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmegi, halal ýaşamagy, parahatçylygyň, asudalygyň gadyryny bilmegi, milli mirasy, däp-dessurlary düýpli öwrenmegi we rowaçlandyrmagy, ähli gymmatlyklaryň seresi bolan Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy berkitmegi ündeýän taglymatdyr. Döredijilikli zähmet, ýokary ruhubelentlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarlarydyr.
Türkmen edermen, akylly, sowatly, ýüregi beýleki halklara bolan söýgüden we pähim-paýhasdan doly halkdyr. Öz ýurduňy söýmek we oňa wepaly bolmak — bu türkmen halkynyň öňe sürýän filosofik kadalarydyr.
Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Meniň pikirlerimiň many-maňzyny, mazmunyny akyl eleginden geçirip, durmuş tejribämiň sapaklary bilen deňeşdirip, size berjek öwüt-ündewim:
Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine siziň öňüňizde has beýik işler garaşýar.
Siz ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdirmelisiňiz!
Siz beýik geljegimize, täze sepgitlere tarap has ynamly, aýgytly gadamlar bilen öňe gitmelisiňiz!
Siz biziň merdana, başarjaň we maksada okgunly nesillerimizsiňiz! Şoňa görä-de, Watanymyzyň geljegi, halkyň ykbaly, bagty we abadançylygy siziň alan bilimleriňize, ylmyňyza, döredijilik başlangyçlaryňyza baglydyr.
Merdana pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine eýerip, siz maşgalaňyzda, tutuş il-ulsumyza watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezmelisiňiz!
Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn.
Gadyrly ýaşlar!
Baýdak her bir halkyň milli özboluşlylygyny hem-de Watan hakyndaky mukaddes düşünjelerini kesgitleýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir döwletiň Garaşsyzlygynyň, milletiň beýikliginiň kepilidir. Biziň Döwlet tugumyzyň gelip çykyşy türkmen halkynyň şöhratly taryhy ýaly, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar.
Merdana pederlerimiziň guran döwletleriniň tuglarynda parahatçylygyň, erkinligiň, gaýduwsyzlygyň nyşany hökmünde ýolbarsyň, bürgüdiň, gylyjyň, ynsanperwerligiň we mähremligiň alamatlary hökmünde Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň şekilleri jemlenipdir. Adyllygyň, halallygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan Oguz begleriniň tuglary, Seljuk soltanlarynyň sanjaklary türkmen halkynyň döwlet nyşanlaryny döreden dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl baýdagymyz beýikligiň we mukaddesligiň täze derejesine göterildi. Milletimiziň kalby deý nurana, tebigatymyz kimin owadan Döwlet baýdagymyz bu gün Zemin halklaryny dostluga, hoşniýetlilige çagyrýar.
Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýat merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli Baýdak meýdançalary bu gün Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mizemez nyşanynyň mukaddesligini has-da dabaralandyrmak bilen, belent maksatlara tarap barýan ýolda halkymyzy mäkäm jebisleşdirýär.
Baýdak — biziň ýüzümiziň tuwagy!
Baýdak — biziň älem-jahana ýaýylýan ýürek owazymyz!
Döwletimiziň ýeten derejesi, halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljegi, abraý-mertebesi mukaddes tugumyzda jemlenendir. Mukaddes baýdagymyzy goramak — bu Watanymyzyň, milletimiziň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramakdyr. Döwlet baýdagymyzy söýmek Watanymyzy, halkymyzy söýmek, olara guwanmakdyr.
Siz geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan mukaddes tugumyzy elmydama belent tutup döretmelisiňiz hem-de gurmalysyňyz!
Eziz ýaşlar!
Watan bilen bagly nakyllar, ynsan terbiýesi baradaky parasatly sözler, rowaýatlardyr tymsallar köp wagtdan bäri bellikler depderimdäki ýazgylarymyň arasynda, meniň kitaplarymda aýratyn orun tutýar. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda: «Watana bolan söýgi — ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyş-durmuş umydyny alawlandyrýan, ösüşlere we barha belentliklere ymtylmagyna itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Aslynda, her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçinem, ilki bilen, Watan söýgüsi gerek» diýip ýazypdym.
Watanymyzyň geljegi baradaky alada — ynsan ömrüniň manysy. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň syry biziň mukaddes Watanymyza ägirt uly buýsanç duýgusyndan doly ýüregimiz bilen baglanyşyklydyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi dolandyrmagyň baş maksady önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, tehnologik ösüşi çaltlandyrmak, döwrebap ýollary we zawodlary, täze şäherdir obalary gurmak bilen birlikde, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Haýsy ýokary döwlet wezipesinde işlesem-de, meniň ähli oý-pikirlerim halkym bilen baglydyr. Men ömrümiň manysyny watandaşlarymyzyň asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, mähriban halkyma gulluk etmekde görýärin. Biziň başyny başlan işlerimiziň halkymyz tarapyndan doly goldanylmagy bolsa häzirki we geljekki ösüşlerimiziň kepilidir.
Berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlary!
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işlerimiz ýurdumyzyň ägirt uly geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hyzmat edýär. 2052-nji ýyla çenli ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de döwlet dolandyryşynyň anyk tejribesi bilen tassyklanan täze milli nusgadyr. Bu strategiýa laýyklykda, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Ykdysady, durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bolan taslamalara köp möçberde maýa goýumlary gönükdirýäris. Bäsdeşlige ukyplylygyň, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň wajyp şerti hökmünde sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Öňdebaryjy sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Täze milli strategiýamyza laýyklykda, keremli topragymyzda bagtyýar durmuş gaýnap joşar, obadyr şäherlerimiz tanalmaz derejede özgerer.
Eziz ýaşlar!
Ýagşylyk, haýyr-sahawat — bular biziň halkymyz üçin mukaddes düşünjelerdir. Kömege mätäç çagalara hoşniýetli garamak, olaryň aladasyny etmek, il hataryna goşmak, jemgyýetçilik terbiýesi bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli däpleriň biridir. Bular halkymyzy bezeýän hem-de dünýädäki abraýyny beýgeldýän häsiýetlerdir. Pederlerimiziň «Haýyr — bereket, nur — rehmet» diýen nakyly hem hemaýatkärlik düşünjesiniň ýokary nusgasyny açyp görkezýär. Şoňa görä-de, bu ýörelgämiziň esasynda goldawa we goraga mätäç raýatlara ýardam etmäge gönükdirilen kämil ulgamy döretdik. Bu ulgam arkaly zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasyny döretdik, Arkadag şäherinde bolsa çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurduk.
Ýaşlara berjek pendim: siz ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň neslisiňiz! Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir. «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr», «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi», «Dostlukda menzil bolmaz», «Dost — dostuň aýnasy» ýaly pederlerimiziň döreden paýhasynda agzybirlik hem-de dostluk gatnaşyklary dabaralandyrylýar.
Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, birek-biregiň gadyryny bilmek, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda mydama ýörelge bolup gelendir. Beýik Magtymgulynyň:
Bir biçäre — ýalňyz kişä
Sütem eýläp, zor olmagyl! — –
diýen çuň manyly setirlerine üns beriň! Jygalybegiň:
Bir garyp aglap duranda,
Ýanynda gülüji bolma! — –
diýen öwüdini diňläň! Bular ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar. Ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini durmuş şygaryna öwürmelidirler.
Türkmen paýhasynyň dünýäde dabaralanýan, ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýän şöhratly zamanasynda okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň öwütlerine wepaly bolmak, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.
Goý, Watanyň mukaddesligi, Watanyň gymmatlygy, Watanyň ýeke-täkligi hakyndaky taglymatlar, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri kalbyňyzda müdimilik orun alsyn!
Mähriban talyplar!
Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna ýokary hilli galla we gowaça hasylyny tabşyrmak ugrunda ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda gant şugundyrynyň, şalynyň bol hasyly öndürilýär. Bereketli topragymyzyň iň arzyly nygmatlary, behişdi miweleri saýylýan datly gawun-garpyzlary ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy işler alnyp barylýar.
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynda täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär. Müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijiler täzelenýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýa gurulýar. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylda Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi işe girizildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edýän ýurtdur. Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.
Toplumlaýyn senagat-innowasion özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösýär. Baý mineral serişdelerimiziň gaýtadan işlenilýän möçberleri artdyrylýar. Ýokary hilli, dürli görnüşli önümlerimiz dünýä bazarlaryna iberilýär. Türkmenabat şäherindäki fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynda, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynda, «Balkanabat», «Bereket» ýod zawodlarynda, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiklerinde, «Garabogazkarbamid» zawodynda, Garlyk kaliý-dag magdan toplumynda ýokary hilli mineral dökünler, himiýa önümleri öndürilýär.
Ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagat döredildi hem-de onlarça iri senagat toplumlarynyň gurluşyklary depginli dowam etdirilýär.
Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, ýokary hilli, eksport ugurly önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde hususy pudaga uly orun degişlidir. Bu gün telekeçilerimiz ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýärler, kabul edilen milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.
Gadyrly ýaşlar!
Kabul edilen milli maksatnamalarymyza laýyklykda, obadyr şäherlerimizde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalar gurulýar. Bu gurluşyklaryň ählisi öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribeleri esasynda amala aşyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady döwrebaplaşdyrmakdaky, abadanlaşdyrmakdaky, bagy-bossanlyga öwürmekdäki üstünliklerimiz bu gün halkara derejede ykrar edilýär.
Aşgabat şäheri — döwrebaplygyň nusgasy.
Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi.
Şu ýylyň 29-njy iýunynda gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry dabaraly açyldy. Ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni merkezler, sport we iri söwda merkezleri, ýokary hem-de orta okuw mekdepleri Arkadag şäheriniň «akylly» we geljegiň şäheri hökmünde abraýyny ýokarlandyrýar. Onuň «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ugrunda belent maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Men Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny nygtaýaryn. Çünki ýaşlar döwletimiziň beýik geljegi, şu günki daýanjy, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Bu hakykat ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde-de öz beýanyny tapmalydyr. Şoňa görä-de, şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berildi. Munuň özi ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň nyşanydyr.
Geljekde-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, obalarynda täze ajaýyp binalary gurmagy dowam etdireris. Biziň yhlasly zähmetimiziň netijesinde eziz Watanymyz has-da gözelleşer, dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde abraýy dünýä dolar.
Bu gün döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzy taryhy özgertmeleriň jümmüşinde bolup, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň XXI asyryň nusgalyk şäherleri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrýaryn.
Eziz ýaşlar!
Biziň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýamyzyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ir döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp bölegi biziň döwletimiziň çäginden geçipdir. Ol halklary, yklymlary birleşdiripdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek, kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu babatda bäsdeşlige ukyply düzümi kemala getirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, TRACECA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar.
Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol ulanmaga berildi. Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary işe girizildi. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleri dabaraly açyldy. Bu wakalar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Adamzat jemgyýetiniň köp müňýyllyk taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň hemişe ösüşiň iň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar. Şoňa görä, ylma we bilime adamzadyň ähli ösüşleriniň, özgerişleriniň özenini düzýän, islendik ýurduň, halkyň geljegini, ykbalyny kesgitleýän gymmatlyk hökmünde baha berýärin. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyzyň geçmişdäki gazananlaryny mynasyp dowam etdirmek, häzirki döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny barha kämilleşdirýäris.
Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Bu gün ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi.
Biz bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy. Bilim edaralary okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar yzygiderli ornaşdyrylýar.
Biz mekdep okuwçylarymyzyň we talyplarymyzyň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine buýsanýarys. Ýaşlarymyzyň mundan beýläk-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende göterjekdiklerine tüýs ýürekden ynanýaryn.
Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir. Kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Adam üçin iň möhüm zat — onuň saglygy. Saglyk ruhubelentlikdir. Saglyk dünýäde iň uly baýlykdyr, tükeniksiz hazynadyr. Şoňa görä-de, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Lukmançylyk, sagaldyş-şypahana ugurly edaralaryň durky täzelenildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, diňe soňky ýyllaryň özünde-de juda köp işler edildi.
Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda saglygy goraýyş, anyklaýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri, «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
2022-nji ýylda Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde köpugurly hassahanalar, Daşoguz şäherinde onkologiýa hassahanasy dabaraly açyldy. Şu ýylyň maýynda bolsa Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berdik.
Sportuň özara hormat goýmak, raýdaşlyk, deňlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary häzirki zamanyň çylşyrymly ýagdaýlarynda dogry çözgütleri tapmaga ýardam berýär. Biz ileri tutulýan bu ýörelgelere berk eýermek bilen, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagynyň özboluşly baýramyna öwrüldi.
Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir.
Biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Şol maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, beden we ruhy taýdan kämillik, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bolar. Hemmetaraplaýyn sagdyn, kämil nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur. Ýurdumyzyň sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyza baglydyr.
Mähriban talyplar!
Eziz okuwçylar!
Watanymyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakdaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ýoldur. Bu ýol dünýä derejesinde dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletliliginiň ýoludyr.
Bu ýol merdana ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň we ýörelgeleriniň has döwrebaplaşdyrylan, kämilleşdirilen ýoludyr.
Bu ýol ösüşe we abadançylyga alyp barýan ýoldur.
Bu ýol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde iň ýokary belentliklere göterýän we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna beslenen ýoldur.
Bu ýol halkara gatnaşyklar ulgamynda alyp barýan daşary syýasatymyza laýyklykda, parahatçylyga, durnukly ösüşe, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen ýoldur.
Bu ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ýeňişlerden-ýeňişlere alyp barýan röwşen geljegimiziň ýoludyr.
Bu nusgalyk ýol bilen ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe gitmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Men şu günki çykyşymy tamamlamak bilen, size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Mähriban ýaşlar!
Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!
(2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry)