Ï Ýurdumyzda atçapyşygynyň güýzki möwsümi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda atçapyşygynyň güýzki möwsümi başlandy

view-icon 3839
Ýurdumyzda atçapyşygynyň güýzki möwsümi başlandy

Atçapyşygynyň güýzki möwsümi, däp boýunça, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýär.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýedi ýaryş geçirildi. 1400, 1600, 2000 we 2200 metr aralyga geçirilen ýaryşlara elli at gatnaşdy. Özüne çekiji ýaryşlar tomaşa gelen janköýerleri tolgunmaga mejbur etdi.

Ýyndam, güýçli, gamyş gulak ahalteke atlary öz ýüwrükligini görkezdiler. 2200 metr aralykda iň gowy netijäni Kysmat atly aty bilen ýaş çapyksuwar Parahat Orazow görkezdi: onuň görkezen wagty 2 minut 47 sekunt.

Bäsleşigiň ahyrynda ýaryşlarda birinji orny eýelän çapyksuwarlara baýraklar gowşuryldy.

Biziň ýurdumyzda atçapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlaryň maksady ýaşlary atçylyk sportuna çekmek, halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny we atçylyk pudagynda gazanan baý tejribesini wagyz etmek, şeýle hem milli gymmatlygymyz we buýsanjymyz bolan «behişdi» bedewleriň bütin dünýädäki şöhratyny artdyrmakdyr.

Ahalteke atlary adatdan daşary çydamlylygy we ýyndamlygy bilen meşhurdyr. Olar ýadawlyk duýman, uzak ýoly geçenlerinde-de, esli wagtlap ýüwrükligi elden bermeýärler. Bu häsiýetleri bilen ahalteke atlary köplenç uzak aralyk ýaryşlarynda ulanylýar.

Mundan başga-da, ahalteke atlary ajaýyp owadanlygy we seýkin basyp ýöremekleri we beýleki täsin hereketleri bilen tapawutlanýarlar. Olaryň syraty – gelşikli, boýny – çeýeden uzyn, gözleri – manyly, kellesini dik tutu ýöremek häsiýetleri bilen owadandyr.

Türkmenistanda her ýyl ahalteke atlarynyň arasynda Halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär, bu ýerde asly meşhur atlar şejeresinden gaýdýan tohum atlar saýlanýar.