2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşe 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” barada habar berildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösmeginde sergi işiniň möhüm orny eýeleýändigini, ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde tutýan ornyny belläp geçdiler hem-de Türkmenistan bilen HSB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek «Expo- 2023 Doha» Halkara sergisine we 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «Expo-2025 Osaka» Bütündünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk gňrülýändigi hem bellenilip geçildi.
HSB-niň Baş sekretary Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi we halkara sergi işinde ikitarapyň bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegine taýýardygyny mälim etdi.