Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

view-icon 4713

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji we 54-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Tawus Kakageldiýewna Handurdyýewany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden;

Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden;

Ahmetýar Kömekowiç Saparowy Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, şol kazyýetiň prezidiumynyň düzümine girizip, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Geldymurad Ýoldaşowiç Rozyýewi Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine;

Güljan Jorakulyýewna Babanazarowany Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Öwezmyrat Begmyradowiç Döwletowy Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýetiniň kazysy wezipesine;

Gurbandurdy Öräýewiç Annaýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine;

Jemşit Hesenowiç Hesenowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine;

Döwlet Orazgulyýewiç Alowowy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly 

Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 

6-njy sentýabry.