Ï Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi

view-icon 5850

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1-nji derejeli ýurist Serdar Kakamyradowiç Apbekow Arkadag şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Medetmuhammet Pendigulyýewiç Rahmannazarow Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Ymamberdi Rejepnyýazowiç Nuryýew Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Röwşen Serdargulyýewiç Baýramsähedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Eziz Bäşimdurdyýewiç Agaýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myrat Bäşimowiç Myradow Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Orazgeldi Gurbangeldiýewiç Golbaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.