Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy.
Taraplar “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşygyň meselelerine degip geçdiler hem-de “ÝB – MA” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň nobatdaky duşuşygyny guramak barada pikir alyşdylar.