2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi web-saýtynda habar berilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklary beýan edildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşmak maksady bilen yzygiderli syýasy geňeşmeleriň işjeňligini saklamak barada ylalaşdylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nukdaýnazaryndan bilim, ylym, sport we medeni alyş-çalyş ugurlarynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde bellenildi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň, degişli döwlet edaralarynyň arasynda birnäçe çäreleri geçirmek teklip edildi.