14-15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana iş saparyny amala aşyrar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu iş saparyna taýýarlyk işleriniň gidişi barada Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy.
R.Meredowyň aýdyşy ýaly, Duşanbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler meýilleşdirilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň sebitdäki goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bolup durýandygyny nygtady.
«Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar we ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk teklipleri öňe sürýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Sebit hyzmatdaşlygy meselesinde ýurdumyzyň işjeň pozisiýasyny dowam etdirjekdigini nygtamak bilen, döwletimiziň Prezidenti daşary işler ministrine Duşanbe şäherinde geçiriljek sammitlere we olaryň çäklerinde göz öňünde tutulan wakalara taýýarlyk işinde guramaçylygyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.