Ï Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi

view-icon 3743
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, birinjiden, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip eder. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu Dialogyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçirmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy teklip ediler.

«Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.