Ï Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşda dört medal eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşda dört medal eýelediler

view-icon 4746
Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşda dört medal eýelediler

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suwda ýüzüjileri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýaryşa gatnaşýarlar.

Zenanlaryň arasynda 4x100 metr erkin usulda estafeta bäsleşiginde bir toplum medal ugrunda bäsleşen birleşen halkara toparynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Waleriýa Mirenskaýa we Suw sporty federasiýasynyň türgeni Ogulmerjen Nuraýewa kümüş medal eýelediler. Olar bilen birlikde, Gazagystandan we Täjigistandan iki ýüzüji hormat münberine çykdy.

Bu ildeşlerimiziň bürünç baýraklaryň hem ikisini eýeländigini bellemek gerek. Waleriýa Mirenskaýa zenanlaryň arasynda 50 metrlik kebelekläp ýüzmekde, Ogulmerjen Nuraýewa bolsa zenanlaryň arasynda 50 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde şeýle üstünlik gazandylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gurban Hommadow erkekleriň arasynda brass usulynda 200 metr aralyga ýüzmekde ýene bir bürünç medala mynasyp boldy.