Ï Türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy wasp edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy wasp edilýär

view-icon 4845
Türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy wasp edilýär
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan türkmen nakgaşlarynyň çeken suratlarynyň we keramiki eserleriniň sergisi açyldy. Bu möhüm temany has giňişleýin açmak maksady bilen serginiň guramaçylary diňe bir muzeýiniň gorlaryndan däl, eýsem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň muzeýinde saklanýan gymmatlyklary hem ulandylar.

Eger awtorlary aýry bolmadyk bolsa, bu üç surat tematiki taýdan triptih bolup biljekdi. Bu suratlarda Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäheriniň waspy ýetirilýär. Aziza Öwezmyradowa, Aýnabat Akmuhammedowa we Gyzylgül Hudaýberdiýewa bu işleriň awtorlarydyr.

Monumentalçy Walentin Kudrýaşowyň Parfiýanyň taryhy ýadygärligi hakda gülläp ösýän ak mermer Aşgabadyň goýnundaky suraty türkmen halkynyň geçmişi we şu güni bilen jebis baglanyşykly watançylyk duýgularyny oýarýar.

Joşgunly äheňde çekilen suratlaryň arasynda Rahym Annanurowyň «Maşgala» atly işi jemgyýet durmuşyndan bir mysal hökmünde tapawutlanýar. Awtor paýtagtymyzyň merkezi köçeleriniň birinde gezip ýören bagtyýar ýaş maşgalany suratlandyrypdyr.Maşgala agzalarynyň ählisiniň şadyýana duýgylary diňe abadan ýurdumyzda durnukly durmuşda gabat gelýändir.

Oguldursun Rejebowanyň suraty «25-nji maý» diýlip atlandyrylýar.Tagtada hek bilen ýazylan ajaýyp sene Aşgabat şäheriniň günüdir. Töweregi çagalardan doly mugallym paýtagtymyzda geljekki şäher toplumynyň şekillerine syn edýär. Çagalar mugallymyň ýurdumyzyň ak mermer paýtagty Aşgabadyň gülläp ösen döwri baradaky joşgunly gürrüňine haýran galyp gulak asýarlar.

Sergide halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylara aýratyn orun berlipdir. Olaryň arasynda Tamara Kiselýowanyň «Aşgabat hakda halk aýdymy» we Öwezmuhammet Akmuhammedowyň dutarçy sazandanyň Garagum sährasy hakyndaky aýdymy - «Mukamyň syry» işlerini görkezse bolar.

Sergide görkezilen işler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny dabaralara besleýän türkmen halkynyň durmuşynyň reňklerde beýan edilmesi boldy.