Ï Türkmenistanyň wekiliýeti merkezi aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna gatnaşdy

view-icon 3767
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Forumyň işine Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi.

Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnologiki hyzmatdaşlykda we bilelikdäki kärhanalary döretmekde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi.

Dabara gatnaşanlaryň esasy ünsi sebitiň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygyň ýokarlandyrylmagyna we munuň üçin amatly şertleriň döredilmegine, şol sanda, logistika ugurlarynyň giňeldilmegine, harytlaryň daşalmagy üçin bar bolan geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze ugurlaryň döredilmegine çekildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary sanly ykdysadyýet, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň innowasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy babatynda sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy boýunça we bu ugurlaryň geljegi baradaky sessiýalara hem gatnaşdylar.

Duşenbe şäherinde geçirilen Ykdysady forumyň çäklerinde “akylly” Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.