Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Natalýa Germana gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Natalýa Germana gynanç bildirdi

view-icon 3586

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germana kakasy Mirça Iwanowiç Sneguryň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Mirça Iwanowiç görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Moldowa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi» diýlip, hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu pursatda agyr ýitgini başdan geçirýän hanym Natalýa Germana ruhy durnuklylyk, gujur-gaýrat diläp, maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.