Ï Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşyň ikinji güni ýene medal eýelemegi başardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşyň ikinji güni ýene medal eýelemegi başardylar

view-icon 1849
Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşyň ikinji güni ýene medal eýelemegi başardylar

Duşenbede dowam edýän suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşyň ikinji güni türkmenistanly türgenler ýene dört medal gazandylar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suwda ýüzüjileri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýaryşa gatnaşýarlar. 

Bäsleşigiň ikinji güni toparymyza ilkinji altyn medaly getirdi. 50 metr aralyga arkan ýatyp ýüzmekde Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Merdan Ataýew ýokary baýraga mynasyp boldy.

Ýene şol aralyga arkan ýatyp ýüzmekde Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Waleriýa Mirenskaýa pellehana ikinji bolup geldi. 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde Türkmenistanyň Sportuň suw görnüşleri federasiýasynyň türgeni Ogulmerjen Nuraýewa hem kümüş medal gazandy.

Bir toplum medal ugrunda bäsleşen 4x100 metr aralyga erkin estafetada birleşen halkara toparynda Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Roman Şabelnik we Aşgabat şäheriniň 51-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Abdyrahman Agamyradow kümüş medal eýelediler.

Merdan Ataew, Roman Şabelnik we Abdyrahman Agamyradow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Epifanowdan tälim alýarlar, Waleriýa Mirenskaýa we Ogulmerjen Nuraýewa bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýärler.

Ýaryşyň birinji güni hem türkmen türgenleriniň dört — bir kümüş, üç bürünç medal gazanandyklaryny aýdyp geçmelidiris.