Ï Ýokary hilli önümlere ýokary isleg
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli önümlere ýokary isleg

view-icon 3688
Ýokary hilli önümlere ýokary isleg

Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, häzirki döwürde ýokary hilli önümleri bilen Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri hem Lebap welaýatyndaky Türkmenabadyň pagta egriji kärhanasydyr. 2009-njy ýylda açylyp ulanylmaga berlen, işçi-hünärmenleriň 500-den gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan bu kuwwatly kärhana ýylda 17 müň 700 tonna ýokary hilli nah ýüplükleriň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenendir. 

Kärhana Germaniýanyň «Trützchler» kompaniýasynyň önümi bolan 20 sany darak enjamlary, Italiýanyň «Marzoli» we «Sawiýa» kompaniýalarynyň degişlilikde 24 sany egriji we 11 sany saraýjy enjamlary, şeýle hem Şweýsariýa, Türkiýe döwletlerinde öndürilen häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Sanly tehnologiýa arkaly dolandyrylýan iş prosesinde arassalanan pagta tüýdüji, saýyjy we daraýjy enjamlaryndan geçirilýär hem-de alnan önüm birleşdirilip, bir görnüşli süýüme getirilýär. Soňra süýüm egriji we saraýjy bölümlerden geçirilip, agramy 2,5 kilogramdan gowrak bolan ýumaklara – taýýar önüme öwrülýär hem-de gaplaýjy bölümde harytlyk görnüşine getirilýär. Alyjylaryň islegleri göz öňüne tutulyp, kärhanada ýüplükleriň 20, 27 we 34 belgili görnüşleriniň öndürilýändigini hem belläp geçmek bolar. Kärhanada çig malyň we taýýar önümleriň hilini kesgitleýän kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana hem hereket edýär. 

Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 4 müň 974 tonna ýokary hilli nah ýüplük öndürilipdir. Bu ýerde meýilnama manat hasabynda alnanda şu ýylyň 8 aýy boýunça 110 göterim amal edilipdir. Bu kuwwatly kärhanada taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem işler talaba laýyk ýola goýlupdyr. Degişli döwürde nah ýüplügiň 3 müň 988 tonnasy içerki bazarlara we daşary ýurtlara, hususan-da, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe ýaly döwletlere ugradylypdyr.

Bu ugurda alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň depginli ösmegine uly goşant goşýan dokma senagaty pudagynyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýändiginiň aýdyň mysalydyr.