Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

view-icon 3006

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Premýer-ministr Narendra Modä minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.