Ï Ýurdumyzda güýz paslynyň salkyn günlerine we käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda güýz paslynyň salkyn günlerine we käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar

view-icon 3661
Ýurdumyzda güýz paslynyň salkyn günlerine we käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +32 gradus bolar.

Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +16 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+27 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal­ we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Bal­kan ­we­la­ýa­tyn­da ­üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Ma­ry­ we­la­ýa­tyn­da az-kem bulutly howa bolup, howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda, gündizlerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Le­bap ­we­la­ýa­tyn­da hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda, gündizlerine +22... +27 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Da­şo­guz­ we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.