Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň aýtmagyna görä, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şeýle hem, biz strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da:
– gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny;
– jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin, bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy;
– Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «2023-nji ýyl Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.
«Wagt häzirki pursatda bu kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.