Ï Döwlet Baştutanymyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmekligi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmekligi teklip etdi

view-icon 3003
Döwlet Baştutanymyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýanyň Hazar deňzine galtaşýan sebitdigini, özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygynyň hemmelere mälimdigini belläp geçdi.

«Kenarýaka ýurtlary tarapyndan köpýyllyk tutanýerli we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi» – diýip , Arkadagly Serdarymyz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen Altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologiýa meselesi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklandy. Bu bolsa, kenarýaka döwletleriniň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar. 

«Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformasy bolmaga niýetlenendir» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Arkadagly Serdarymyzyň aýtmagyna görä, bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr.