Ï Türkmenistanly türgenler Türgenler obasyndaky Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara goşuldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler Türgenler obasyndaky Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara goşuldylar

view-icon 3930
Türkmenistanly türgenler Türgenler obasyndaky Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara goşuldylar

Hytaýyň Hançžou şäherinde geljek şenbe güni geçiriljek yklymyň dürli ýurtlaryndan müňlerçe türgen we resmi adamlar, şol sanda türkmenistanly türgenler hem ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gelýärler.

Geljekki Aziýa oýunlary üçin 1,13 million inedördül metr meýdanda gurlan Türgenler obasy esasy üç bölekden ybarat bolup, ol türgenleriň, tehniki hünärmenleriň we žurnalistleriň 20 müňüsini kabul etmäge taýýar edildi.

Media obasy 660 müň inedördül metr meýdanda Türgenler obasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Ol ýerde žurnalistler üçin ýerler, naharhanalar, dynç alyş otaglary we beýleki zolaklar üçin iş ýerleri taýýarlandy. Oýunlar geçirilen wagty media obasynda metbugat wekilleriniň 3 müňüsiniň ýaşamagy göz öňünde tutulan. Meýdany 740 müň inedördül metr bolan tehniki işgärler obasy hem ýene 4 müň hünärmeni kabul eder.

Türgenler obasynyň meýdany 799 müň inedördül metr. Bu ýerde 45 ýurtdan geljek türgenler üçin köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 37-si guruldy. Olar, esasan, 26 gatly binalardyr. Ýöne iki we 38 gatly jaýlar-da bar. Türkmenistanyň topary duşenbe güni Türgenler obasynda 26 gatly binanyň 3-5-nji gatlaryna göçüp bardy. 

Aziýa oýunlary geçirilýän döwürde Türgenler obasynda 45 ýurtdan 12 500 töweregi türgen ýaşar. Her gün tertipnama görä, onlarça türgenleşik desgalaryna eltýän awtobuslar, şeýle hem 4200 orunlyk äpet naharhana olaryň hyzmatynda bolar. Häzirlikçe naharhana meýilnama laýyklykda işleýär. Ýöne oýunlar açylandan soň welin gije sagat 1-e çenli işlär. Şeýle hem Türgenler obasynda 25 metrlik howuz we sport zallary, söwda merkezi, lukmançylyk edarasy, myhmanlar hytaýly Wuşu, Kung Fu we sirk sungatyny öwrenip biljek medeni merkez bar. Bu ýerde dürli dinleriň wekilleri üçin otaglary bolan din merkezi-de işleýär. 

Türgenler obasynyň äpet meýdanynda kesgitlenen ugur boýunça ýygy-ýygydan gatnaýan elektromobillerde, şeýle hem her bir ýaşaýyş jaýyndan we naharhanasyndan sagat 9-dan 22-ä çenli kärendesine mugt berilýän welosipedlerde gatnap bilerler.

Şeýle hem Türgenler obasynda Aziýa oýunlaryna gatnaşýan toparlar üçin «Hoş geldiňiz dabaralary» geçirilýän meýdança bar. Türkmenistanyň wekiliýeti üçin şeýle dabara 22-nji sentýabrda göz öňünde tutulan.

Ildeşlerimiziň Hytaýyň gündogaryndaky Çžesýan welaýatynyň paýtagtyna gelen ikinji güni ýene bir türgen - suwda ýüzmekde halkara sport ussady Merdan Ataýew Stambulyň üsti bilen Duşenbe şäherinden Hançžou çenli 15 sagat töweregi uçarda uçup gelip, Türkmenistanyň toparynyň hataryna goşuldy.

Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanyp geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Epifanowyň 28 ýaşly şägirdi şowly çykyş etdi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň türgenleri bilen bäsleşikde Merdan 50 we 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Üç gün dowam eden ýaryşda ildeşlerimiz jemi 11 - 2 altyn, 5 kümüş we 4 bürünç medal eýelediler.

Arkanlygyna ýüzmeklige ýöriteleşen, soňky iki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Merdan Ataýew üçin şu ýyl örän şowly boldy. Ol halkara ýaryşlarynyň üçüsinde 7 altyn we 1 kümüş medal gazandy. Duşenbe şäherinde geçirilen ýaryşdan öň Merdan uly ýaşly türgenleriň arasynda Bangkokda geçirilen Aziýa çempionatynda 50, 100 we 200 metr aralykda altyn medallaryň üçüsini eýeledi. 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Özbegistanyň açyk çempionatynda 100 we 200 metre ýene iki altyn we 50 metre 1 kümüş medal gazandy.

Umuman, häzirki wagtda M.Ataýew jemi 28 medal eýeledi, olardan 12-si altyn, 11-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr. Şeýle hem 50, 100 we 200 metr aralyklara Türkmenistanyň alty rekordyny goýdy.

XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylmagyndan dört gün öň Hançžou şäherinde howa yssy boldy. Häzirki wagtda Aziýa oýunlarynyň paýtagtynda howanyň gyzgynlygy 35 gradusa ýetdi, bu ýeriň ýokary çyglylygyny göz öňünde tutsaň, ol 43 gradus yssy ýaly duýulýar. Türgenler obasyndaky binalaryň ählisinde howa sowadyjylar bar. Açyk howada köp sanly meýletinler we ýerli ilat saýawanlar bilen Günüň gyzgyn şöhlelerinden goranýarlar.

Rus dilini gowy bilýän Sy Çžaodi ýa-da özüne rusça Ženýa, Aziýa oýunlarynda terjimeçi bolup işleýän hytaýly zenan Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Harbinde ýerleşýän Heýlunszýan uniwersitetiniň rus dili fakultetiniň ikinji ýyl talyby. Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda terjimeçi bolup işlemek üçin talyplaryň arasynda juda talapkär seçgiden geçmeli boldy.

Sy Çžaodi: «Aziýa oýunlarynda işlemek meniň üçin uly abraý we rus dilinde gürlemek tejribämi kämilleşdirmek üçin gowy mümkinçilik» diýdi.

Onuň aýtmagyna görä, Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda türgenleri ony mylakatlylygy, hoşamaýlygy we göwnaçyklygy bilen özüne maýyl eden Türkmenistanyň agzybir toparyna duşanyna begendi.

Sy Çžaodi: «Türkmenistanly türgenler örän mähirli, sebäbi hemişe olaryň ýüzi-gözi gülüp dur» diýdi.

Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň wezipesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda köp işler geçirilýän türkmen sportunyň abraýyny has ýokary derejä çykarmakdyr. Olimpiýa hereketiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýokary sepgitlere çykarylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 

Türkmenistanly türgenler Türgenler obasynda bolan birinji gününde ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerini begendirmek maksady bilen güýçli türgenleşiklere başladylar. Olara Hançžounyň sport meýdançalarynda üstünlikler arzuw edýäris!