Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 32 ýylyň dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Türkmen döwletiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň, tagallalary jebisleşdirmek bilen gatnaşmagy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugrudyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni esasy döwlet baýramy bolmak bilen, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda durmuş-syýasy ulgamda, diplomatiýada uly üstünliklere ýetildi, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler netijeli dowam edýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi barha ýokarlanýar, durmuş-ykdysady ösüşde giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, toplumlaýyn milli maksatnamalar, taslamalar amala aşyrylýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda ulgamyny, nebit-gaz, ulag-logistika toplumlaryny, oba hojalyk, gurluşyk we energetika pudaklaryny, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Garaşsyzlyk biziň döwletimiz üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, ygtybarly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin, geljegi uly ugurlaryny giňeltmekde uly mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň halkara, sebit we döwletara düzümleriniň işjeň agzasy bolmak bilen, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary durmuşa geçirýär hem-de parahatçylyk medeniýetiniň we ynanyşmak derejesiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Möhüm halkara gün tertibiniň deňeçer, bilelikde durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň 50-den köpüsi, birnäçe möhüm döwletara birleşikleriniňdir düzümleriniň işjeň agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň köp sanlysyna goşulyşmak bilen, özüniň daşary syýasat strategiýasynyň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli giňeldýär we berkidýär. Doly derejeli halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmekde belent maksatlara eýermek hem-de parahatçylyk söýüjilikli gymmatlyklaryň ileri tutulmagyna esaslanmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistan ählumumy ösüşiň esasy wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä giňişliginde wagyz etmegi, daşary ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy amala aşyrýar. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmagyň milli nusgasyny saýlap alan Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň baş maksadydyr. Şunda Türkmenistan dünýäniň geosyýasy giňişliginde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleriň berjaý edilmegi ugrunda üýtgewsiz garaýyşlaryny öňe sürýär. Ählumumy syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda öz uly mümkinçiliklerini giňeldýär.
Döwletimiziň milli maksatlarynyň we wezipeleriniň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgeleri bilen ýakyn, sazlaşykly özara baglanyşyklydygyny nygtamak gerek. Şunuň ýaly aýrylmaz baglanyşyk Türkmenistanyň toplumlaýyn we ygtybarly durnukly ösüş ulgamyny kemala getirýär, onuň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň binýatlaýyn ýörelgeleri bilen utgaşýar. Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady ýörelgeleri, ileri tutýan ugurlary, dürli meseleleriň çözgüdine deňagramly hem-de oýlanyşykly çemeleşilmegi dünýä ösüşiniň meýillerine sazlaşykly gabat gelýär. Döwlet syýasatynyň yzygiderliligi, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasat strategiýasynyň wezipeleriniň umumylygy, özara baglanyşyklylygy, halkara durmuşyň ähli möhüm ugurlarynyň milli bähbitleriň ähmiýeti bilen deňeçerligi dünýäniň syýasy-diplomatik giňişliginde netijeli işiň alnyp barylmagyna gönükdirilen daşary syýasy ugruň netijeliligini kesgitleýän möhüm görkezijilerdir.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistana halkara giňişlikde okgunly ösmäge mümkinçilik berdi, içerki abadançylygy üpjün etdi hem-de oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli zerur şertleri döretdi. Şunda häzirki zamanyň ählumumy ösüş meýillerini bitewi, üznüksiz kabul etmek ukyby Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde amala aşyrýan daşary syýasatynyň we üstünlikli diplomatik işiniň möhüm şertleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde eýeleýän mynasyp orny häzirki wagtda has aýdyň duýulýar. Bu bolsa ählumumy hyzmatdaşlyk babatda täze wezipeleri, ösüşiň gerimini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny üýtgewsiz dowam eder. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli erk-islege daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly esasy ýörelgeler Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, döwletara birleşikler, halkara guramalar hem-de forumlar bilen toplumlaýyn we netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugurlarynyň möhüm wezipesi hökmünde dowam etdiriler. Şeýle gatnaşyklar dostluk, açyklyk, köpugurlylyk ýörelgelerine esaslanýar, halkara dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutulýar. Dünýäniň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşylanda hem-de olary çözmegiň gurallary işlenip taýýarlanylanda, Türkmenistanyň eýeleýän netijeli we işjeň orny dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde belent abraýyny saklamaga hem-de berkitmäge mümkinçilik berýär, ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň aýratyn halkara derejesi, geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary, örän baý serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik syýasatynda toplan oňyn tejribesi we döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleri gapma-garşylyksyz çözmek ýoluna ygrarlylygy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän öz teklipdir başlangyçlaryny mundan beýläk-de netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän şertlerdir.
Türkmenistan häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan maksatdyr wezipelere anyk we aýdyň düşünýär. Gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň bähbitleriniň deňeçerligini berjaý etmek, möhüm meseleler boýunça delillendirilen çemeleşmeler we garaýyşlar, halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn oňyn dialoga ygrarlylyk ýörelgeleri dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we berkitmegiň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Şunda biziň döwletimiziň geosyýasy we geoykdysady giňişlige işjeň, yzygiderli goşulyşmagynyň, ozaly bilen, Türkmenistanyň we onuň halkynyň milli bähbitlerinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de Türkmenistan öz döwlet syýasatynda dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň täze ösüş meýillerini hökman göz öňünde tutýar. Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň halkymyzyň geçen uzak we täsin taryhy ýoly, milli filosofik taglymaty, daşymyzy gurşap alýan durmuş hakykaty babatda dünýägaraýyş bilen sazlaşýan özboluşly medeniýetiniň utgaşdyrylmagy dünýäniň häzirki döwürdäki üýtgewsiz gymmatlyklaryna laýyk gelýär.
Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleri boýunça birnäçe başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi, olar, ozaly bilen, ileri tutulýan parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Şunda dünýäde ýüze çykýan islendik jedelli meseleleriň diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrylmagynyň üýtgewsiz ýörelge bolandygy, şeýle bolmagynda-da galýandygy Türkmenistanyň ähli daşary syýasy başlangyçlarynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň syýasy gapma-garşylyklaryň parahatçylykly gepleşikler arkaly çözülmegine ýardam bermek boýunça oňyn tejribesi heniz Garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda ýola goýlupdy. Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Täjigistanyň içerki dartgynlylygyny çözmek boýunça duşuşyklaryň tutuş tapgyry geçirildi. Şol gepleşikler geljekde bu dostlukly ýurtda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar edilmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap goňşy Owganystanda syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýy diplomatik ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalarda oňyn we yzygiderli garaýşyny beýan edip gelýär. Owganystandaky ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagy diňe bir sebitde däl-de, tutuş dünýäde-de durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şu we beýleki şertler hem-de wakalar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk taryhynyň aýdyň sahypalary bolmak bilen, soňra olar Milletler Bileleşiginiň 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdini kabul etmek üçin örän wajyp delil bolup hyzmat etdi.
Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda BMG-niň agzasy bolmak bilen, tutuş geçen döwrüň dowamynda bu guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen oňyn başlangyçlary parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly goşant bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda BMG-niň birnäçe Kararnamalaryny kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şolaryň hatarynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», şeýle hem iki gezek kabul edilen energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny hakynda we beýleki Kararnamalary görkezmek bolar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi. Geçen ýyl Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň «Dünýäniň täze gün tertibi» bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr we «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny ilerletmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen sazlaşýar. Biz döwletimiziň möhüm daşary syýasy başlangyçlarynyň we teklipleriniň sanawyny has-da uzaldyp bileris.
Türkmenistanyň ozal öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri üstünlikli dowam etdirýändigini bellemek gerek. Bu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň belent münberinden Türkmenistan täze başlangyçlary öňe sürýär. Olar tutuşlygyna syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meseleler toplumyny öz gerimine alýan ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça oňyn dialogyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda geoykdysady ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň netijeli hem-de möhüm ugry bolup, oňa halkara hyzmatdaşlygyň tutuş ulgamynyň bitewüligi hökmünde garalýar. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap dürli ugurlar boýunça özüni hyzmatdaşlyga hemişe taýýar döwlet hökmünde görkezýär hem-de örän baý tebigy we serişde kuwwatynyň tutuş dünýäniň bähbidine peýdalanylmagyna ygrarlydygyny beýan edýär. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesi onuň ygtybarly ykdysady hyzmatdaşdygyny subut edýär, biziň milli bähbitlerimiz köp babatda dünýä geoykdysady gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.
Türkmenistanyň Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň hem-de Günbataryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir içerki ösüş üçin möhüm şert bolmak bilen çäklenmän, giň halkara jemgyýetçiligiň bähbitlerine hem gönükdirilendir. Şunda anyk geosyýasy we geoykdysady mesele düýpli ähmiýete eýedir. Biziň döwletimiz dürli ýurtlaryň bähbitleriniň umumylygyna esaslanýan hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär, gyzyklanma bildirýän dürli taraplaryň gatnaşmagynda iri halkara taslamalary amala aşyrmagy teklip edýär we goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa düzüminiň dünýäniň ykdysady ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar giň gerimli düzümleýin ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Merkezi Aziýa sebitiniň logistik mümkinçilikleriniň Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň, şeýle hem Pars aýlagynyň ýurtlarynyň ulag düzümleri bilen birikdirilmeginiň hasabyna ugrukdyrylmagyna uly üns berýär. Bu taslamalar ägirt uly dünýä ulag-logistika geçelgeleriniň birikdirilmegine, ozaly bilen, täze halkara geoykdysady giňişligiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Energetika meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk indi onlarça ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolmagynda galýar. Energetika hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzyň ägirt uly geosyýasy mümkinçiliklerine, serişde we geografik taýdan artykmaçlyklaryna daýanýar. Uglewodorod serişdeleriniň akymlaryny köpugurly ösdürmek meseleleri, ygtybarly turba geçiriji düzümleriň döredilmegi Türkmenistan üçin ileri tutulýan strategik ähmiýete eýedir. Biziň döwletimiz bu meselede örän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli garaýyşlaryny öňe sürýär.
Ekologiýa meselesi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugrudyr. Onuň çäklerinde howanyň üýtgemegi hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly yzygiderli işler alnyp barylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň köp sanly konwensiýalaryna, şol sanda ekologik howpsuzlyk meseleleri boýunça ylalaşyklara, teswirnamalara goşuldy we tebigaty goraýyş häsiýetli meselelerde işjeň orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral deňzi meseleleri babatda anyk çäreleri amala aşyrýar. Şeýle hem Hazar deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary öňe sürýär, olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Biziň döwletimiziň başlangyjy boýunça Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilendigini nygtamak möhümdir. Munuň özi Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek meselesiniň oňyn hem-de logiki taýdan oýlanyşykly çözgüdini gözlemekde sebitiň ýurtlarynyň gepleşiklerini işjeňleşdirmek boýunça uly möçberli bilelikdäki tagallalaryň binýadyny goýdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasat häzirki wagtda biziň döwletimiziň ählumumy we sebit ösüşiniň derwaýys meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolmagynda galýar.
Durmuş-syýasy durnuklylyk, ykdysady, maýa goýum işewürligi üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzda açyk we durnukly maliýe ulgamynyň kemala getirilmegi, örän baý tebigy serişdeleriň, logistik kuwwatyň netijesinde, Türkmenistan özbaşdak ösüşiniň tutuş dowamynda ähli ugurlar boýunça hem-de hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde netijeli halkara gatnaşyklaryň oňyn nusgasyny görkezýär. Bularyň ählisi ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine täsirli çemeleşmeleri ulanmak üçin mizemez binýady emele getirýär. Hut şeýle çemeleşmeler biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berdi. Umumydünýä işleri babatda Türkmenistanyň daşary syýasat garaýyşlarynyň oýlanyşyklydygy hem-de deňeçerligiň berjaý edilmegine esaslanýandygy ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge, ähli döwletleriňdir halklaryň abadançylygynyň bähbidine özara ynanyşmak we düşünişmek, deňhukuklylyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.