Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki geňeşmelere gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki geňeşmelere gatnaşdy

view-icon 4447
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki geňeşmelere gatnaşdy

2023-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşuga hazarýaka döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdy.

Geňeşmeleriň dowamynda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem duşuşygyň jemleýji resminamasy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.