Ï Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 1370

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çäräniň dowamynda gadymy siwilizasiýalary we olaryň goňşulary bilen arabaglanyşygyny görkezýän kitabyň, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli däp-dessurlaryny, şeýle hem onuň ylym we medeniýetiň ösmegine goşan goşandyny açyp görkezýändigi bellenildi.

Şeýle hem kitabyň Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasyna düşünmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegine bagyşlanan we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere aýratyn üns berildi.