Şensi welaýatynyň Sian şäherinde 21–23-nji sentýabr aralygynda geçirilen «Hytaý – Merkezi Aziýa» analitik merkezleriniň üçünji Forumy öz işini tamamlady.
«Hytaý – Merkezi Aziýa bitewi ykbalynyň has jebis bileleşigini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek» temasyna bagyşlanan forumy Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa instituty hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Strategiki barlaglar institutlary guradylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty duşuşygyň guramaçylarynyň biri bolup çykyş etdi.
Foruma sebitiň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan wekiliýetler gatnaşdy. Çärä ýüzden gowrak bilermen we alym geldi.
Forumyň çäklerinde oňa gatnaşýan ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga we sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-siwilizasiýa köpdürlüligi nukdaýnazaryndan döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň dowamynda düýpli pikir alşyldy, sebitiň ýurtlarynyň has jebis bileleşigini döretmek mümkinçilikleri we onuň netijeli ýollary, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak, umumy abadançylygy, parahatçylygy hem-de gülläp ösüşi üpjün etmek babatda maslahatlar aýdyldy. Şu nukdaýnazardan sebitiň döwletleriniň «Hytaý – Merkezi Aziýa» çarçuwasynda ozal geçirilen duşuşyklarda aýdylan konstruktiw başlangyçlar we teklipler barada anyk gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, professor Jumamyrat Gurbangeldiýewiň çykyşynda bu tema jikme-jik beýan edildi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň we teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogy şolaryň biridir. Çünki energetika döwletleriň ykdysadyýetiniň esasy bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada diňe bir içerki zerurlyklary kanagatlandyrman, eýsem, energiýa çeşmelerini halkara bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen durnukly energetika gatnaşyklary üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertler kemala gelýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany sebitde ulag merkezleriniň döredilmegine, täze üstaşyr geçelgeleriniň kemala gelmegine we işläp duranlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen Merkezi Aziýanyň ulag-logistika meýdançasyny işe girizmegiň zerurlygy, şeýle hem halkara ulag ugurlary boýunça gümrük, migrasiýa we beýleki görnüşli amallary ýeňilleşdirmek hem-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ýene bir teklip girizdi.
Mälim bolşy ýaly, ulag pudagy hemişe hyzmatdaşlygyň iň möhüm bölegidir. Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde sebitiň ýurtlary bilen Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawy üçin şertler yzygiderli döredilýär.
Duşenbe sammitinde Merkezi Aziýanyň çäklerinde, şeýle hem beýleki döwletler üçinem möhüm başlangyçlaryň ýene birnäçesi öňe sürüldi. Olar täze tehnologiýalar boýunça Geňeş, Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini we sebitiň Söwda edarasyny döretmek baradaky tekliplerdir. Türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň howandarlygynda Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk dialogynyň döredilmegi hem-de Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada teklibi öňe sürdi.
Jumamyrat Gurbangeldiýew «Hytaý – Merkezi Aziýa» barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp:
– Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyk tejribesi we hoşniýetli goňşuçylyk tejribesi bar. Merkezi Aziýanyň çäginden Hytaýdan Ýewropa baran Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösmeginiň we progresiniň şerti bolandygy mälimdir –diýdi.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew çykyş etdi. «Köpdürli siwilizasiýalarda döwrebaplaşdyryş» temasyndaky mejlisde çykyş eden Şiri Şiriýew çärä gatnaşyjylaryň ünsüni «döwrebaplaşdyrmak» düşünjesiniň manysyna we onuň häzirki manysyna, şeýle hem häzirki döwürde ulag arabaglanyşygy ýaly tema çekdi.
Aýratyn hem energiýa çeşmeleriniň ummasyz gorlary, amatly geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklary netijesinde Merkezi Aziýa sebitiniň halkara gatnaşyklar ulgamynda ähmiýetiniň artýandygy nygtaldy. Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge niýetlenen «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi» taslamasynyň filosofiýasy we geoykdysady mazmuny bilen hytaýlylaryň «Bir guşak – bir ýol» taslamasy bilen ýakyn arabaglanyşygy tötänden däldir. Eýýäm durmuşa geçirilen we işlenilýän köptaraplaýyn ulag-üstaşyr taslamalary «Hytaý – Merkezi Aziýa» gatnaşyklar formatynyň bähbitlerine gabat gelýär.
Sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde öz döwletleriniň eýeleýän orny çärä gatnaşyjylaryň köp sanly tematiki hasabatynda öz beýanyny tapdy.
Hytaýda geçirilen bilermenler duşuşygy medeni çäre bilen jemlendi. Onuň çäklerinde foruma gatnaşanlar üçin Sian şäherine tanyşlyk gezelenji guraldy.