Ï TDHÇMB-nyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy

view-icon 7118

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.