Ï Türkmenistanyň türgenleri Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlaryna başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň türgenleri Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlaryna başladylar

view-icon 5058
Türkmenistanyň türgenleri Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlaryna başladylar
camera-icon
Aleksandr Werşinin

Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününi sportuň birbada dört görnüşi boýunça çykyş etmek bilen başladylar.

Ýaryşyň irki maksatnamasyny suwda ýüzüjiler açdylar. Hançžou Olimpiýa sport merkeziniň Suw sport sahnasyna toparymyzdan ilkinji bolup, 20 ýaşly sport ussady Musa Jalaýew (100 metr, erkin usulda) we halkara derejesindäki sport ussady 28 ýaşly Merdan Ataýew (arkanlygyna 100 metr ýüzmekde) çykdy. Türgenleriň hiç biri-de startda gowy reaksiýa wagtyny görkezmedi: Musanyňky – 0,66 sekunt, Merdanyňky – 0,68 sekunt.

Şeýle-de bolsa, M.Jalaýew üçünji saýlama ýüzüşde milli rekord görkezip, pellehana 51,63 sekuntda birinji geldi. Ähli ýüzüşiň netijelerine görä bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Dmitriý Nowikowyň şägirdi 44 türgeniň arasynda 23-nji netijäni görkezdi.

Ýöne Merdan Ataýewe finala çykmak üçin ujypsyz wagt ýetmedi. Netijede, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Epifanowyň şägirdi 56,37 sekuntda pellehana geldi we ýaryşa çykan iň güýçli 28 spinnistiň arasynda ilkinji onluga girdi.

Dzýudo boýunça ýaryş erkekler toparymyz üçin owal umytlandyryjy boldy. Onda Aýbek Omirow (agram topary 57 kilograma çenli) we Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli) ýaryşyň birinji aýlawyny üstünlikli geçdi. Aýbek başlangyç bäsleşikde B.Wikasy (Nepal) şeksiz ýeňdi, Hekim bolsa iki «Waza-Ari» hasabyna 54 sekuntda Çen Haojenden (Makao) üstün çykdy.

Eýsem-de bolsa, indiki aýlawda şowlulyk türkmen dzýudoçylaryndan ýüz öwürdi: H.Agamämmedow çekeleşikli göreşde Sardor Nuryllaýewden (Özbegistan) ýeňildi. A.Omirow bolsa ýiti tutluşykda Dohada geçen dünýä çempionatynyň häzirki bürünç medalçysy we häzirki Aziýa oýunlarynda wise-çempion bolan Harim Liden (Koreýa Respublikasy) ýeňildi. Şondan soň Aýbekde teselli ýaryşynda bürünç medaly elden gidermezlik mümkinçiligi galdy. Emma ol bu pursatdan peýdalanyp bilmedi we Hançžouda geçýän Aziýa oýunlarynyň geljekki baýrakçysy Çae Kwanjinden (KHDR) ýeňildi.

Dzýudo boýunça zenanlar toparynda Gurbanaý Gurbanowa (48 kg çenli) we Saýara Rozyýewa (52 kilograma çenli), degişlilikde birinji tapgyrda Astanada geçen «Uly tuwulga-2023» bürünç medalçysy Halimajon Kurbanowadan (Özbegistan) we Ahliýa Muminowadan (Täjigistan) ýeňilmek bilen Aziýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamladylar.

Aziýa oýunlarynda boks ýaryşyny toparymyzdan Polşanyň boks mekdebiniň düýbüni tutujy, Feliks Stammyň meşhur halypasynyň hatyrasyna bagyşlanyp, 2019-njy ýylda Warşawada geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi, 2018-nji ýylda Indoneziýada geçen Aziýa oýunlaryna gatnaşan Hursand Imankulyýew açdy. Ilkinji göreşde onuň garşydaşy 2023-nji ýylda Daşkentde geçen dünýä çempionatynyň finalçysy, Rio-de-Žaneýroda we Tokioda geçen soňky iki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan we Jakartada geçen 2018 Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony Çinzorig Baatarsuk (Mongoliýa) boldy.

Iki eminiň türkmen boksçusyny ileri tutan birinji tapgyry deň göreşde geçdi. Şeýle-de bolsa, soňky iki tapgyrda Hursandyň köne şikesleri duýduryp ugrady, bu bolsa garşydaşyny ýeňmäge oňa mümkinçilik bermedi. Netijede, eminler ýeňşi 4:1 hasap bilen mongol boksçusyna berdiler.

Günüň ahyrynda Wuşu-sanda ýaryşynyň başlanan Sýaoşan Guali Taolu sport merkezinden bir hoş habar geldi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Agajumageldi Ýazymow 60 kilograma çenli agram toparynda ikinji aýlawa çykypdyr. Onuň mongol türgeni Mendbaýar Baýadaa bilen göreşi garşydaşyň agramynyň artyklygy sebäpli amala aşmandyr, netijede eminler türkmen türgeni üçin tehniki ýeňiş hasaplapdyrlar.

Hançžou şäherinde Aziýa oýunlary dowam edýär.