Ï Hançžouda Türkmenistanyň türgenleriniň gatnaşmagynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hançžouda Türkmenistanyň türgenleriniň gatnaşmagynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

view-icon 3381
Hançžouda Türkmenistanyň türgenleriniň gatnaşmagynda  XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
camera-icon
Aleksandr Werşinin

Şu gün Hançžou şäherinde XIX tomusky Aziýa oýunlary açyldy. Bu oýunlara iki hepdäniň dowamynda dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda dört ýylda bir gezek geçirilýän bu iň uly sport baýramyna öz toparyny iberen Türkmenistanda-da tomaşa ederler.

Bu Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky karar 2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 34-nji Baş Assambleýasynda Aşgabatda kabul edilipdi. Şeýlelikde, Hançžou Pekinden (1990) we Guançžoudan (2010) soň Aziýa oýunlary geçirilýän üçünji şäher boldy. XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň ilkibaşda 2022-nji ýylyň 10 – 25-nji sentýabry aralygynda geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Ýöne Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Ýerine ýetiriji komiteti COVID-19 pandemiýasy zerarly bu ýaryşy başga bir wagta süýşürmek kararyna geldi.

XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde Çençen, Kongkong we Lýanlýan atly üç sany robot saýlandy. Olaryň hemmesi-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna degişlidir.

8-nji oktýabra çenli 61 ugurda 40 sport görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler, onda 481 medal ugrunda 45 ýurtdan 11934 türgen bäsleşer. Mundan başga-da, ýaý atmak we tennisi-de goşmak bilen, sportuň 9 görnüşi boýunça 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 74 sany ugradyş haty ugrunda-da bäsleşik bolar. Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri 3x3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş ederler.

ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Hançžounyň «Uly lotos» adyny alan 80 müň orunlyk Olimpiýa sport merkeziniň stadionynda bolup geçdi.

Resmi wekiliýetler elipbiý tertibinde stadion meýdançasyndan geçdiler. Ýörişi Owganystanyň wekiliýeti açdy. Onuň bilen birlikde, 2014-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna gatnaşan 45 ýurduň ähli toparlary ýöriş bilen geçdi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary-da bar. Türkmen türgenleriniň öňki hatarynda – uzak we gysga aralyk boýunça 50, 100 we 200 metr arkan ýüzmekde Türkmenistanyň rekordçy guwwasy, Inçhonda 100 metr aralyga ylgamakda 2014-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň finalçysy, Almatyda we Daşkentde geçirilen ýetginjekler Aziýa Kubogynyň iki gezek ýeňijisi Merdan Ataýew we Saraýewoda geçirilen 2023-nji Ýewropa Kubogynyň kümüş medalçysy we Kuweýtde geçirilen Aziýa Açyk ýaryşynyň bürünç medalçysy Maýsa Pardaýewa dagy girýär. Türkmen türgenleri yklymyň uly göwrümli oýunlaryna özbaşdak topar hökmünde sekizinji gezek gatnaşýarlar. Bu diňe Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazananyndan soň mümkin boldy.

Hakyky parahatlyk we dostluk ýörişine öwrülen ýöriş tamamlanandan soň, ähli sport wekiliýetleri stadionyň münberinde ýerleşdiler.

Sport meýdançasyna Aziýa oýunlary howandarlygynda geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy çykarylýar. Adaty hormat aýlawyndan soň, äpet baýdak sena sazynyň astynda beýik baýdak paýasyna galdyrylýar. Aziýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleriň we eminleriň adyndan kasam edilýär.

Dabaranyň barşynda ýygnananlaryň öňünde Hançžhou şäheriniň häkimi, XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Ýao Gaoýuan we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Raja Randhir Singh gutlag sözi bilen çykyş etmek bilen, Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň bu sport baýramyna taýýarlyk görmek üçin eden tagallalaryna ýokary baha berdi.

«Siz Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek ugrunda ähmiýetli işleri etdiňiz. Pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilmek AOG-niň taryhynda görlüp-eşidilmedik zat, ýöne siziň yhlasyňyz we tutanýerliligiňiz öňümizdäki 16 günüň dowamynda öz miwesini berer we siz tutuş taryh boýunça iň ajaýyp hem üstünlikli Aziýa oýunlary bilen sylaglanarsyňyz» diýip, R.R.Singh belledi.

Açylyş dabarasyna Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) Prezidenti Tomas Bah, şeýle hem köp ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşdy.

HKP-niň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin ХIХ tomusky Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan edýär.

Aziadanyň açylyş dabarasynyň çür başy otly käsäniň görlüp-eşidilmedik sanly yşyklandyrylyşy boldy, şonda millionlarça şamçyrag göteriji Tsýantantszýaň derýasynda sanly alawy sanly adam şekiline öwürdi. Ol bolsa Tokioda 200 metr aralyga ýaryşda Olimpiýa altyn medalyny gazanan ilkinji Aziýa ýüzüjisi, stadionda hakyky alawy estafeta geçiren alty türgeniň iň soňkusy Wan Şun bilen otly käsäni ýakdy.

Açylyş dabarasynyň ýene bir aýratynlygy haýran galdyryjy tüssesiz feýerwerk boldy. Ekologiýa ugrunda göreş hatyrasyna adaty feýerwerkden ýüz öwürdiler.

Tomaşa täzelikçilik tehnologiýasyny, şol sanda 3D animasiýany öz içine aldy. Bu bolsa elektron feýerwerkleriň kömegi bilen haýran galdyryjy şekilleri döretdi. Bu innowasion çemeleşme diňe bir ajaýyp görnüşi arkaly täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, hemmeler üçin ýaşyl we ajaýyp baýramçylygy hödürlemek bilen ekologik durnuklylyga ýardam edýär.

«Feýerwerkden ýüz öwrülmegi kömürturşy gazynyň taşlandylaryny azaltmak islegimiz bilen baglanyşyklydyr. Biziň üçin iň möhüm zat, daşky gurşawy goramak pelsepesini ýaýratmakdyr» diýip, XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň Baş müdiri Şa Sýaolan aýtdy.

Hytaýyň ýaşyl we az uglerodlylyk syýasatyna berk ygrarlydygyny ynamly görkezmek bilen Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Hançžoudaky Oýunlar ähli ýaryş meýdançalary üçin adaty elektrik çeşmesi hökmünde ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny doly ulanmak maksadyna ýetmegine mümkinçilik berer.

Oýunlary geçirýän şäher sagatda 621 million kWt zyýansyz energiýa üçin 16 şertnama baglaşdy. Bu bolsa 76 müň tonna adaty kömrüň tygşytlanmagyna barabardyr. Şeýlelik bilen, Hançžhou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynyň 65 ýaryş meýdançasynyň we ofisleriniň ählisi-de ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen işlär.

Al-elwan açylyş dabarasynyň soňky mukamy ýaryşlaryň resmi senasy – ady «Şärikli söýgimiz» diýlip terjime edilýän aýdym boldy.

Şeýlelikde, iki sagatdan sähel gowrak dowam eden ajaýyp tomaşa soňa ýetdi. Ýöne öňde 16 gün dowam etjek erjel bäsdeşlik bar. Şu günler millionlarça türkmen raýaty ildeşlerine janköýerlik eder. Geliň, bizem türgenlerimize Hançžou sport meýdançalarynda üstünlik arzuw edeliň!