Ï Watanymyzyň bagtyýar halkynyň asuda durmuşynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň bagtyýar halkynyň asuda durmuşynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

view-icon 3803

Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy.

Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän serkerdeler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet Garaşsyzlygynyň hukuk esaslaryny, Türkmenistanyň çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny pugtalandyrmakda we goramakda, Watanymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmakda, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny hem-de asuda durmuşyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny edermenlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň harby gullukçylary sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watanymyza hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugumyzyň öňünde kasam etdiler.

Halkymyz tutuş taryhynyň dowamynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly bolup geldi. Häzirki wagtda bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär.

Ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak wezipeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunda bu wezipeleriň Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna doly kybap gelýändigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy maksady Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, ýokary hünär derejeli işgärler taýýarlanylýar. Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň hasabyna esgerleriň we serkerdeleriň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertler döredilýär.

Ýaş nesle Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýe bermek, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň şöhratly sahypalaryny öwrenmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň edermen ogullary tutuş taryhyň dowamynda gaýduwsyzlygyň, mertligiň, batyrlygyň hakyky nusgasyny görkezdiler.

Mukaddes harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sylaglara mynasyp bolan, harby we ýörite atlary, hünär derejelerini alan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletimiziň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň, hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.