Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady

view-icon 2772

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy howa menzilinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy.

Diplomat, öňi bilen, türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan Garaşsyzlyk baýramy hem-de bu şanly sene mynasybetli guralan giň möçberli dabaralar bilen gutlady we Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýan Germaniýanyň işewür düzümleriniň ýurdumyzda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny, aýratyn-da, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar we oba hojalyk ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ilerlediljekdigine ynam bildirildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Germaniýa Federatiw Respublikasyna tarap ugur aldy.

Birnäçe sagatdan soňra, Milli Liderimiziň uçary Berlin şäheriniň «Berlin — Brandenburg» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýle hem howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli mübäreklediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.