Ï Gahryman Arkadagymyz GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy

view-icon 3654

Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda beýan etdi.

«Ulag we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň german kompaniýalary bilen demirýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.

«Şonuň bilen birlikde, german kompaniýalaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara hem gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.