Ï Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

view-icon 1917

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda aýtdy.

«Biziň pikirimizçe, maliýe-bank ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe durmuşynyň möhüm bölegidir we şunda daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly üns berilýär.

«Şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň banklaryny, eksport – karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrýarys» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.