Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri bilen duşuşdy

view-icon 4107

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen duşuşdy.

Germaniýanyň wise-kansleri Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň möhüm hem-de wekilçilikli duşuşygyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we GFR-iň halkara giňişlikde ählumumy parahatçylygyň, döredijiligiň, durnukly ösüşiň bähbidine oňyn başlangyçlary bilen belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Robert Habeke Berline iş saparynyň çäklerinde bu duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümine ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň diýen ýaly, şol sanda durmuş we beýleki ulgamlaryň ýolbaşçylarynyň girendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu gün geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşylandygy bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy german kärdeşleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirdi.

Energetika möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ugurda Germaniýanyň kompaniýalaryna Türkmenistanyň nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň täze desgalaryny gurmak we ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, Hazar deňziniň ýalpaklygynda nebitgaz serişdelerini özleşdirmek, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamalara gatnaşmagy üçin mümkinçilikler açylýar. Wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamlarynda bilelikde tagalla etmegiň uly mümkinçiliginiň bardygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy we ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge döwlet düzümlerini hem-de iri kompaniýalary çekmek teklip edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Germaniýanyň wise-kansleri ulag ulgamyny möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa — Ýewropa ugry boýunça yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek zerur hasaplanýar. Munuň özi häzirki geosyýasy ýagdaýlarda örän wajypdyr. Bu ulgamdaky türkmen-german hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň ulagyň üç görnüşi boýunça hem, ýagny howa, ýerüsti we deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurdumyzda hereket edýän ulag infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda ulag serişdeleriniň bilelikdäki önümçiliklerini döretmek, hyzmatdaşlygyň orta möhletli “Ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maliýe-bank we maýa goýum pudaklary, kommunikasiýalar ulgamy, oba we suw hojalygyny sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ekologiýa pikir alyşmalaryň aýratyn meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Häzirki wagtda Germaniýa “ýaşyl” tehnologiýalary öndürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy gün tertibini ilerletmek işine-de işjeň gatnaşýar. Ýakyn onýyllyklarda uglerod zyňyndysyny aradan aýyrmagy gazanmaga uly üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda hem tebigaty goramak meselesine uly ähmiýet berilýär. Degişli kanunçylyk namalary kabul edilýär, ekologik ýagdaýa gözegçilik etmek boýunça milli mehanizmler hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine garamak teklip edildi. Hususan-da, diňe bir “ýaşyl” tehnologiýalary satyn almaga gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmän, eýsem, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, önümçiliklerde uglerodyň zyňyndylaryny hasaba almagyň, olary azaltmak boýunça çäreleri kabul etmegiň usulyýeti meselelerinde german tejribesini öwrenmäge hem gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Häzirki döwürde “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” german başlangyjynyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz german bilermenlerini Türkmenistanyň “Parnik gazlaryny tükelleýiş ulgamy”, şeýle hem “CO2-niň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, anyklamak we baha bermek” ýaly milli strategiýalary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özboluşly howa şertlerini nazara almak bilen, Türkmenistan Gün energiýasyny köp mukdarda tutuş ýylyň dowamynda öndürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Aýdylanlardan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň daşky gurşawy goramak we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça jogapkär ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ekologik mesele boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň başynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygy geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz wise-kansler Robert Habeki ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hoşlaşanlarynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we wise-kansler Robert Habek birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ösüşiň bähbidine giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki döwletiň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.