Ï Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk alyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk alyp barýar

view-icon 4713
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk alyp barýar

Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlykda gazanan özara gatnaşyklaryna oňyn baha berilýändigi barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Aşgabada sapary wagtynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (SCTS) başlygy bilen duşuşdy.

Myhman gümrük gullugynyň işleri, ulanylan ösen tehnologiýalar bilen tanyşdy we seljeriş merkezine baryp gördi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary hormatly myhmanlar üçin ýadygärlik kitabynda ýazgy galdyrdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň 4 sany gümrük konwensiýasynyň agzasy bolandygyny bellemelidiris.

Şeýle hem Türkmenistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Bütindünýä gümrük guramasynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyna wekilçilik edýär.