2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişini bellediler.
Howanyň üýtgemegi we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri gozgaldy.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa sarp edilişini kemeltmek, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça edýän tagallalary baradaky maglumatlary berdiler, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar.