Ï Ýerli gurluşyk kärhanalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalaryny gurarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerli gurluşyk kärhanalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalaryny gurarlar

view-icon 7147

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak hakynda” 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.