Ï Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 3110

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Kanadanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özüne ynanylan möhüm wezipäni ýerine ýetirmek bilen, diplomat öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň barşynda jenap Alan Hemson hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, parahatçylyk söýüjilik, goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar barada gürrüň berildi.

Mejlisiň işi we onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmekde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-kanada gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň netijeli häsiýeti, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň özara hereketleri barada-da durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda köpýyllyk oňyn tejribä, özara erk-islege esaslanýan dostlukly türkmen-kanada gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, men jenap Alan Hemsony Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary, tutanýerliligi öz wezipelerini Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn-da, Siziň ýurduňyzyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Meri Meý SAÝMON,

Kanadanyň General-gubernatory.