Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady

view-icon 3587

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

«Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyjy biz Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň barşynda beýan etdik» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, bu strategiýa möhüm ugurlaryň üçüsini özüne birleşdirmelidir.

Birinji – bu gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleridir.

Strategiýanyň ikinji ugry syýasy-hukuk dereje hökmünde oňyn bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr.

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almak wajyp hasaplaýarys.

Döwlet Baştutanymyz: «Biz Strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk ýagdaýyny pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologiýa we tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys» diýip nygtady.