Ï Pekin sebitleýin analitikleri ýygnaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pekin sebitleýin analitikleri ýygnaýar

view-icon 3325
Pekin sebitleýin analitikleri ýygnaýar

Şu günler Hytaýda şu ýyl ýurduň möhüm diplomatik çäresi bolan «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirilýär. Forumy guraýjylar, esasy çäre bilen bir hatarda, dürli görnüşli ýene-de birnäçe konferensiýany ugurdaş geçirmegi zerur hasapladylar.

Hünärmenler goşmaça forumlarda Aziýa sebitiniň söwda gatnaşyklary, ilatyň arasyndaky baglanyşyk, analitiki merkezleriniň alyş-çalşygy, arassa ýüpek ýoly, sebitleýin hyzmatdaşlyk we deňiz gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere serederler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda strategiki gözlegler üçin ylmy merkez açylandan soň, ýöriteleşdirilen çärelere gatnaşmak üçin dürli sebit we halkara seljeriş gurluşlaryny guraýjylardan çakylyklar gelip başlady. Bu gezek hem Pekinde geçirilen analitikler konferensiýasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki gözlegleriň ylmy merkeziniň müdiri Şiri Şiriýew we merkeziň işgäri Döwletmyrat Mämmedow 17-nji oktýabrdan 26-njy oktýabr aralygynda geçiriljek ýörite foruma gatnaşmak üçin Pekine gitdiler.

Olar beýleki ýurtlaryň kärdeşleri bilen bilelikde foruma gatnaşarlar, onuň çäginde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, hemmetaraplaýyn ösüş meseleleri boýunça derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Analitik forumyň çäginde gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça öňdebaryjy hünärmenler bilen köp sanly duşuşyk geçirerler we Hytaýyň ýöriteleşdirilen merkezlerine baryp görerler.