Italiýa Respublikasyndan işewür toparlaryň wekiliýeti azyk senagatynda we gaplaýyş önümlerini, oba hojalygy tehnikasy we enjamlary bilen üpjün etmekde ýerli kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Iş sapary Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy bilen bilelikde guraldy.
Söwda-senagat palatasynyň binasynda iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Oňa Söwda-senagat palatasynyň başlygy Mergen Gurdow, Oba hojalygy ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem köp sanly hususy we paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdy.
Italiýa tarapyndan duşuşyga kompaniýalaryň daşary ýurtlardaky işiniň ösmegini goldaýan we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge kömek edýän Italiýa Söwda guramasynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luigi Ferrari we ITA Stambul ofisiniň müdiri Rikkardo Landi bu çäräniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip biljek italýan we türkmen telekeçileri üçin hyzmatdaşlyk platformasyna öwrülendigini aýtdylar.
Soňra italýaly myhmanlar oba hojalygynyň önümlerini gaýtadan işleýän we azyk önümçiliginde ýöriteleşen birnäçe türkmen kompaniýalaryna baryp gördüler.