Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp geçdi.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygynyň hemmelere mälimdigini belledi.
«Sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belleýärin. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.