Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda döwletleriň ilçileri - ýurdumyzyň däp bolan söwda we ykdysady hyzmatdaşlary bilen birnäçe duşuşyk geçirildi.
2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Mergen Gurdow we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameli iki ýurduň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy we işewürligi ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Duşuşykda iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin geljekde işewürlik konferensiýasyny geçirmek teklip edildi.
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Mergen Gurdow söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Taraplar, şeýle hem şu ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar.