Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat

view-icon 4019

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Müsüriň Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini hem-de dostlukly halklarymyzyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan çuňňur gyzyklanmalarymyzy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah Al Sisi,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.