2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Taraplaryň “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk formatynyň çägindäki netijeli işleri babatynda hem bellenildi.