Ï Türkmenistan we Gazagystan respublikasy strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Gazagystan respublikasy strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler

view-icon 3491
Türkmenistan we Gazagystan respublikasy strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda R. Meredow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä çykandygy barada belledi. Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklary uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana we 2022-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns çekildi.

Gepleşiklerde döwletleriň köptaraplaýyn diplomatiýanyň ugry boýunça, hususan-da, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hem-de «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki köptaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýulanlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen başlangyçlaryň goldanylandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüşine üns çekilip, taraplar öňümizdäki ýylda türkmen-gazak parlamentara dostluk toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.

Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.

Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça şeýle-hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşe eýe bolýandygy bellemek bilen, taraplar bu ugurdaky tagallalary işjeňleşdirmegi we söwda dolanyşygynyň möçberleriniň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň ýola goýulmagyny ylalaşdylar. Bu babatynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky harytlaryň alyş-çalyş giňeltmek boýunça bilelikdäki toparyň işiniň we işewürlik ugry boýunça wekilýetleriň saparlarynyň gurnalmagy esasynda amala aşyrylmalydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gazak hökümetara toparynyň işine aýratyn orun degişlidigi bellenildi.

Taraplar ýangyç-energetika toplumynda, nebit-gaz we himiýa senagatynda, dokma pudagynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda, sebitde suw serişdelerini rejeli ulanmakda, oba hojalygynda, ulag we logistikada, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Şeýle-de, iki döwletiň welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine üns çekilip, ministrler bilim, ylym, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de medeni alyş-çalyş babatynda taraplaryň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklary ýola goýmak hem-de iki döwletiň Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belemek boýunça bilelikdäki çäreleri gurnamak maslahatlaşyldy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.