2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenilip düzüldi.
Resminama, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki hereketleri hem-de energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary göz öňünde tutýar.