2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýan yzygiderli işlerini belledi. Şunuň bilen bilelikde, döwletimiziň durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, öz gezeginde, BMG-niň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen garaýyşlary we teklipleri beýan etmek üçin köptaraplaýyn platforma bolup durýandygyny aýtdy. BMG-niň döredilen döwründen bäri dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde köptaraplaýyn we bitewi çemeleşmäni ulanmak bilen, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň münberinden çykyş edip, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitländigi we bu babatda häzirki syýasy we durmuş-ykdysady şertlerde wajyp bolup durýan birnäçe anyk çözgütleri teklip edendigi bellendi.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara we sebitleýin gün tertibindäki möhüm meseleleriň giň toplumyna işjeň gatnaşýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ulag we “ýaşyl” energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanly özgertmeler we ýokary tehnologiýalar ýaly pudaklar bellenildi.