Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň wekilleri «Sarahs-Sarahs» serhet gözegçilik nokadynda duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Eýran wekilýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem onuň hatarynda dürli bölümleriň ýolbaşçylary, sebit gümrük guramalarynyň wekilleri we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri bar.
Birinji duşuşyk eýran tarapynda, ikinjisi Türkmenistanyň çäginde geçirildi. Eýranyň wekiliýeti «Sarahs awtoýollary» gümrük postunyň işi we enjamlaşdyrylyşy, giriş / çykyş zallarynyň ýagdaýy we ýörite rentgen enjamynyň işi bilen tanyşdy.
Duşuşygyň gün tertibinde «Sarahs-Sarahs» barlag nokatlarynda gije-gündiziň dowamynda ýükleri gümrükhana taýdan resmileşdirmek we deslapky maglumatlary alyşmak meselesi hem bardy.
Şeýle hem «Sarahs awtoýollary» gümrük postunyň binasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki iş toparynyň aýratyn duşuşygy geçirildi.
Ozal şeýle duşuşyklaryň türkmen-eýran serhedindäki «Howdan-Bajgyran» we «Artyk-Lotfabad» barlag nokatlarynda geçirilipdi.