Ï Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 4278

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.