2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. Şunda Ministr Türkmenistanda demokratik institutlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny belledi.
Taraplar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk guralynyň çäklerinde alnyp barylýan oňyn dialog barada nygtaldy.
Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatynda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da, 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Milli Hereketler meýilnamasynyň hem-de 2022-2028-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Milli Hereketler meýilnamasynyň täzelenen taslamasynyň işlenip düzülmeginiň ähmiýetini belläp geçdi.